Awtoulag arkaly daşamak
Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň çäginde we daşynda awtoulag arkaly daşamak, tejribeli şeýle hem täze başlan eksportýorlaryň we importýerlaryň isleglerini göz öňünde tutmak bilen işlenilip düzzüldi. Biziň hyzmatlarymyzyň hataryna ýygnalan, şeýle-hem doly daşamak hyzmatlary hem girýär. Mundan başga-da, biz düzüminde howply we taslama ýükleri bolan ýükleri işläp taýýarlaýarys.
Biziň üstünliklerimiziň düýp özeni  - bu dostlukly, höweslendirilen, azyndan iki dil bilýän işgärler, döwrebap enjamlar we ýaýbaňlandyrylan hyzmatdaşlyk ulgamy bolup durýar.

Howa ulagy arkaly daşamak
Biz ýük ugradyjynyň statusynyň belli ýa belli däl bolmagyna garamazdan onuň ýüküniň üstünde işleýäris.
“Gapydan-gapa” ýük eltip bermek hyzmatlary.
Gelip çykan ýurduň we kabul ediji ýurduň içinde Gümrük resminamalary we ýük daşamak hyzmatlary!
Biziň döwrumizde wagt we tizlik ýaly düşünjeleriň uly manysy bar.
Biziň pikirimizçe, howa ulagy arkaly daşamak hyzmatymyz her kime öz işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Biz öz hyzmatlarymyzy müşderileriň isleglerine görä sazlaýarys, göni howa gatnawlaryny, konsolidirlemeleri we Multimodal daşamalary ulanýarys, bu bolsa öz gezeginde baha bilen netijeliligiň dogry aragatnaşygyny üpjün edýär.

Deňiz üsti bilen daşamak
Her bir ýük özbaşyna möhüm hem-de gymmatly bolýar. Biziň maksadymyz her bir müşderä, onuň şahsy isleglerini göz öňünde tutmak bilen, daşamagyň iň gowy usulyny hödürlemek bolup durýar.
Biz size dünýäniň köp nokadyna toplanan ýükleri we doly konteýnerli ýükleri daşamak hyzmatlaryny hödürleýäris. Biziň maksadymyz - ugradylan ýükleriň elmydama ahyrky nokadyna öz wagtynda eltilmegi bolup durýar.
Ýükleri ýüklemek, daşamak we eltip bermek, şeýle-de gerekli resminamalary işläp düzmek, bütin dünýä boýunça hyzmatdaşlyk alyp barmak maksady bilen, biz uly yhlas bilen ynamdar hyzmatdaşlary seçip aldyk.
Deňiz üsti bilen daşamak aşakdakylary öz içinde jemleýär:
Konsolidirlenen we doly ýükler (LCL & FCL)!
“Gapydan gapa” ýükleri eltip bermek!
Ýükleriň gelip çykan ýurdunda we kabul edijiniň ýurdunda gümrük resminamalary taýýarlamak we ýük daşamak!

Taslamalar
Taslamalary işläp düzmek we dolandyrmak;
Ýöriteleşdirilen gury ýer, howa, deňiz we demir ýollary arkaly daşamak;
Agramy we göwrümi uly ýükleri daşamak;
Ýük daşamak üçin gämileri kireýine almak;
Kurýer üsti bilen eltip berme;
Göwrümi uly ýükleri ýüklemek / düşürmek boýunça işler;
Ammar hyzmatlary;
Ekspeditor hyzmatlary;
Göçmeklik bilen bagly işler 

Gümrük ammary
Uzak möhletleýin ammar hyzmatlary (şol sanda gümrük ammarlaryny kireýine almak)
Enjamlary düşürmek we harytlary haryt toparlary boýunça sortlamak
Ugradyşlaryň buhgalteriýasy we müşderi tassyklamalary.
 
 
Gümrükhana formallyklary
Biziň kompaniýamyz gümrük resminamalaryny we harytlary has tiz wagt içinde resmileşdirýär.
Biziň hünärmenlerimiziň gümrük we salgyt ugurlarynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribeleri üçünji ýurtlarda dowamly transport hyzmatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
“Ynamly Ugurdaş” kompaniýasynyň hyzmatlary:
Import, eksport, tranzit deklarasiýalary;
“Halkara awtoulag ýollary bilen daşamak” kitapçasyny taýýarlamak;
Ygtyýarnamalaryň we sertifikatlaryň goşundylaryny taýýarlamak we administrirlemek;
Hasabatlar;
Gümrük resminamalarynyň arhiwi.