Biziň gymmatlyklarymyz
“Ynamly Ugurdaş” kompaniýasynyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli alnyp barylýan işlerde daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek usullardan daşda durmaga, energiýany we ýangyjy netijeli ulanmaga ymtylýar.
Ekologiýa syýasaty “Ynanç ugurdaş” kompaniýasynyň Dolandyryş düzgünnamasynda görkezilýär. Bu syýasatyň uzak möhletlik netijeleri, “Ynamly Ugurdaş” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň arasynda has netijeli çözgütleri gözlemek we daşky gurşaw barada bilimleri ýokarlandyrmak arkaly daşky gurşawa köpçülikleýin täsiri peseltmäge gönükdirilendir.
Biz barada
“Ynamly Ugurdaş” – transport-ligistika ugurynda 15 we ondanam köp ýyl tejribesi bolan bilermenler tarapynda düýbi tutulan täze kompaniýadyr.
Häzirki wagtda kompaniýa howa, awtoulag, demir we deňiz ýol ulaglary arkaly dünýäniň ähli künjeklerine ýük daşamak hyzmatlaryny amala aşyrýar.
Biziň kompaniýamyz hususy tertipde bütin dünýä boýunça ynamdar ekspeditor we transport hyzmatlaryny amala aşyrmaga we kämilleşdirmäge ymtylýar.
Kompaniýa goşmaça bilim almak mümkinçiliklerini, oňaýly we ergonomik şertlerini döretmek arkaly öz işgärlerine uly üns berýär. Netijede umumy maksatlara we uly üstünliklere ýetilýär.
“Ynamly Ugurdaş” – iş alyp barmak etikasynyň esasy ýörelgelerine eýerýän kompaniýadyr!